+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Ätiýaçlandyrýanyň özüne eýeçilik hukugy ýa-da kanun esasda degişli bolan itlere eýelik etmek, olary peýdalanmak ýa-da hojaýynlyk etmek bilen bagly emläk bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

Weterinar pasportynda sanjymlary görkezilen we bellige alnan 6 aýdan 8 ýaşa çenli sagdyn itler, ätiýaçlandyryşa degişli bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň şahadatnamasy Size eýeçilik hukugynda degişli bolan itleriňiziň keselleriň netijesinde ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaýlardan we harajatlardan gorar.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

  • keseller (ýokanç kesellerden, şol sanda gyrgyn, prawowirus enetrit, guduzlama, leptospiroz, inwazion, ýokaç däl kesellerden);
  • tebigy betbagtçylyklar (ýangyn, suw almagy, ýyldyrym urmagy, ýeriň titremegi, gaý, tupan, boran, doly);

  • betbagtçylykly halatlar (partlaýyş, elektrik togunyň täsiri, gün ýa-da ýylylyk urmagy, bogulmagy (asfiksiýa), zäherli otlardan ýa-da maddalardan zäherlenmegi, ýylanyň ýa-da zäherli mör-möjekleriň çakmagy, beýleki itleriň topulmagy, gark bolmagy, ulag serişdesiniň aşagyna düşmegi);

  • üçünji taraplaryň kanuna ters gelýän hereketi we ogurlanma;

  • epizootiýa ýa-da bejerilmeýän keseliň garşysana geçirilýän çäreler boýunça weterinariýa gullugynyň hünärmeniniň görkezmesi boýunça mejbury öldürmek halatyndan ätiýaçlandyryş geçirilýär.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza bermeli;

  • itiň weterinar pasportynyň göçürme nusgasy;

  • itiň haýsy wetirinariýa gullugyna degişlidigi barada resminama delilhaty;

  • eger bar bolan ýagdaýynda itiň bahasyny tassyklaýan delilhaty.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenmegi hakyndaky arza;

  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;

  • Ätiýaçlandyrýan we Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrylan itleriň ölendigi hakynda düzülen ykrarhatyny;

  • wetirinar lukmanynyň netijenamasy.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: