+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Türgenleri, tälimçileri we sport eminlerini betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden ätiýaçlandyryşy şahsy ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir. Türgenleriň, tälimçileriň we sport eminleriniň betbagtçylykly hadysalaryň we keselleriň netijesinde saglygyna zyýan (zelel) ýetirilmegi, şeýle hem onuň aradan çykmagy bilen baglanyşykly şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň şahadatnamasy Sizi Türkmenistanyň çäklerinde ýa-da daşary ýurtlarda bolan sport ýaryşlaryna, türgenleşiklerine gatnaşýan döwrüňizde betbagtçylykly hadysanyň we keselleriň netijesinde ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaýlardan we harajatlardan gorar.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?

  • betbagtçylykly hadysanyň netijesinde şikes almagy;

  • betbagtçylykly hadysanyň netijesinde maýyplyk almagy;

  • duýdansyz kesellemegi we onuň keselhana ýerleşdirilip ýa-da ambulatoriýada kesel bejergilerini almagyna getirmegi.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin näme etmeli?

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza bermeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • arza;

  • ätiýaçlandyryş şahadatnama;

  • saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty (şikes alan ýagdaýynda);

  • hemaýata mätaçligi anyklaýyş toparynyň maýyplygyň  ellenilendigi baradaky delilhatynyň döwlet notarial edarasy tarapyndan tassyklanan göçürme nusgasy (maýyplyk belennen ýagdaýynda).

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: