+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Ýörite bilim edaralarynda (internatlarda) terbiýelenýänleriň ätiýaçlandyryşy şahsy we toplanyş ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir. Ätiýaçlandyrylan şahsyň ömri we saglygy bilen bagly bolan şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň şahadatnamasy ýörite bilim edaralarynda (internatlarda) terbiýelenýänleri şertnamanyň hereket edýän döwründe betbagtçylykly  adysanyň we keselleriň netijesinde ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaýlardan we harajatlardan gorar, şeýle hem ätiýaçlandyryş möhletiniň tamamlanmagy bilen, olara şertnamada göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş pul möçberi töleniler we 18 ýaşa ýetende başlangyç maýa hökmünde kömek eder.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?

  • betbagtçylykly hadysalar netijesinde alan şikesi;

  • zäherli ösümliklerden, himiki maddalaryndan (önümçilik ýa-da durmuşy), ýaramaz hilli iýmit önümlerinden, dermanlardan duýdansyz ýiti zäherlenmegi, asfiksiýa (demikme), elektrik togy arkaly (atmosfera elektrigi bilen) zeper ýetmegi, ýylanyň, awuly mör-möjekleriň çakmagy, bürmek keseli, botulizm;

  • çakjagunduz ýa-da sanjymdan soňky ensefaliti (ensefalomiýelit), poliomiýelit, gematogen osteomiýeliti bilen kesellemegi;

  • süňkleriň tötänleýin döwülmegi, çykmagy, dişleriň gaçmagy, ýanyklar, nädogry lukmançylyk çäreleriniň geçirilmegi netijesinde synalaryň ýarylmagy (ýaralanmagy) ýa-da olaryň aýrylmagy.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin näme etmeli?

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza bermeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

haýal etmän ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • arza;

  • ätiýaçlandyryş şahadatnama;

  • ätiýaçlandyryş gatanjynyň tölenendigi barada töleg hatyny;

  • Ätiýaçlandyrylan şahsyň şahsyýetine güwä geçýän resminamasyny;

  • şikes alan ýagdaýynda – şikes alandygy barada saglygy goraýyş edarasynyň delilhatyny;

  • maýyplyk bellenilen halatynda – hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň maýyplygy bellemek baradaky bellenilen tertibinde güwä geçilen delilhatynyň göçürme nusgasy Ätiýaçlandyryja bermelidir.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: