+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Öý emlägini ätiýaçlandyryş emläk taýdan ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, ätiýaçlandyrylan emläge eýeçilik etmek, ondan peýdalanmak we oňa ygtyýarlyk etmek bilen baglanyşykly emläk bähbitleri onuň obýekti bolup çykyş edýär.

Ätiýaçlandyryş obýektleri:

         - şahsy hojalykda peýdalanylýan öý emläginiň zatlary, şeýle hem timarlaýyş işleriniň bölekleri we öýleriň enjamlary.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň polisi size öz öý emlägiňizi ýakymsyz ýagdaýlardan goramaga we ony dikeltmek üçin harajatlary kemeltmäge kömek eder. 

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

  • tebigy betbagtçylyklardan: suw basmagyndan, ýelden, harasatdan, tüweleýden, apy-tupandan, çabgadan, dolydan, opurlanmadan, süýşgünden, toprak süýşmeginden, ýerasty suwlaryň çykmagyndan, daşgyndan, joşgundan, silden, bu ýer üçin adaty bolmadyk yzygiderli ýagyşlaryň we garyň ýagmagyndan, ýyldyrym urmagyndan, topragyň çökmeginden, ýer titremeginden;
  • betbagtçylykly hadysalardan: ýangyndan, partlaýyşdan, ulag serişdeleriniň kakmagyndan, agaçlaryň we uçýan serişdeleriň gaçmagyndan; ýyladyş, suw bilen üpjün ediş, lagym ulgamlarynyň näsazlygyndan, goňşy jaýlardan suwuň syzmagyndan, emläk ýerleşen binalaryň (otaglaryň) esasy parçalarynyň birden ýykylmagyndan;
  • üçünji taraplaryň bilkastlaýyn we bikanun hereketlerinden;
  • emlägiň ogurlanmagyndan, ogurlanmaga ýa-da talamaga synanşyk etmegiň netijesinden emlägiň ýok edilmeginden ýa-da zaýalanmagyndan;
  • radio-teleenjamlar, wideoenjamlar, magnitofonlar, surat-kinoenjamlar, saz merkezleri, elektron abzallary, howa sowadyjylar, elektrik gurallar we durmuş tehnikasy olaryň ýanmagyndan.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis) satyn almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli;
  • Öý emlägini gözden geçirmek üçin görkezmeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

  • haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (derňew, kazyýet, polisiýa ýa-da başga edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakynda arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis);
  • öý emläginiň ogurlanmagy, ýok edilmegi ýa-da zyýan çekilendigi barada ykrarnamany;
  • ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny tassyklaýan degişli edaralaryň delilhatyny (gidrometeorologiýa gullugyndan, seýsmologiýa gullugyndan, ýangyn gözegçiliginden, içeri işler ýa-da başga edaralardan);
  • zeper ýeten emlägiň sanawyny;
  • zeper ýeten emlägiň suratlaryny.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: