+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

 Elektron enjamyny ätiýaçlandyryş emläk taýdan ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, hasaplaýyş tehnikasyna, hünär we durmuşy audio we wideo enjamlaryna we beýleki elektron enjamlara zeper ýetmegi we olaryň hatardan çykmagy onuň obýekti bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş polisi size öz tehnikaňyzy zeper ýetmeden ýa-da hatardan çykmadan goramaga kömek eder.

 Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

  • ýangyndan, ýyldyrym çakmagyndan ýa-da partlamadan, suw geçiriji, lagym, ýyladyş ulgamlaryndan we ýangyn söndüriş ulgamlaryndan suw arkaly emläge zyýan ýetmeginden, gapdaldaky jaýlardan suwuň geçmeginden, suwuň basmagyndan, gapy döwülip ogurlyk edilmeginden we talaňçylykdan;
  • tebigy betbagtçylyklardan: ýer titremeginden, ýerasty oduň täsirinden, toprak süýşmeginden, ýeriň çökmeginden, dag opurylmagyndan, daş gaçmagyndan, ýelden, harasatdan, apy-tupan tüweleýden, suw basmagyndan, sildan, dolydan, ýerasty suwlaryň duýdansyz ýagdaýda ýokaryk çykmagyndan, şu ýer üçin adaty bolmadyk ýagdaýda güýçli ýagyşyň ýagmagyndan ýa-da galyň garyň düşmeginden;
  • üçünji taraplaryň hyýanatçylykly hereketlerinden;
  • gysga elektrik utgaşmasyndan, togyň güýjünden ýa-da elektrik ulgamynda basyşyň birden ýokarlanmagyndan, induksiýa toklarynyň we elektromagnit hadysalarynyň elektrik togunyň täsirinden.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis) satyn almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli;
  • Elektron enjamlaryny gözden geçirmek üçin görkezmeli;
  • Elektron enjamlarynyň bahasyny görkezmek bilen teswirnamasyny bermeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

  • haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (derňew, kazyýet, polisiýa ýa-da başga degişli edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakynda arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis);
  • elektron enjamlaryň ogurlanmagy, ýok edilmegi ýa-da zyýan çekilendigi barada ykrarnamasyny;
  • ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny tassyklaýan derňew, ýangyn söndüriji ýa-da heläkçilik gulluklarynyň delilhatyny;
  • zyýan çeken elektron enjamlaryň hasaplamasyny;
  • zyýan çeken elektron enjamlaryň suratlaryny.
Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: