+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Ýükleri ätiýaçlandyryş emläk taýdan ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, daşamagyň barşynda ýüküň ýok edilmegi, zaýalanmagy ýa-da oňa zeper ýetmegi sebäpli ýüze çykan ýitgileriň öwezini dolmak onuň obýekti bolup durýar.

Ätiýaçlandyryş obýektleri:

         - ýükler, komissiýa, fraht we ýükleri daşamak bilen baglanyşykly beýleki çykdajylar we başgalar.

         Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň polisini satyn almak bilen, siz öz ýüküňizi ygtybarly gorarsyňyz!

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

  • ýyldyrym urmagyndan, tupandan, gaýydan, wulkan atylmagyndan, ýer titremesinden;
  • partlaýyşdan, ýangyndan;
  • gäminiň ýalpaklyga batmagyndan, kenara zyňylmagyndan, agdarylmagyndan ýa-da gark bolmagyndan;
  • ýerüsti daşamalarynda ulagyň relsden çykmagynyň ýa-da agdarylmagynyň;
  • gäminiň ýa-da ulag serişdesiniň islendik obýekt bilen çakyşmagyndan;
  • awariýa netijesinde ýüküň portda düşürilmeginden;
  • umumy heläkçilik boýunça çykdajylardan;
  • ýüki ýüküň zyňylmagyndan halas etmek we (gorap) saklamak.

Ätiýaýlandyryş şahadatnamasyny (polis) satyn almak üçin näme gerek? 

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli;
  • ýüki gözden geçirmek üçin görkezmeli;
  • Yglan edilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň we ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň derejesiniň esaslydygyny tassyklaýan ähli talap edilýän maglumatlary bermeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

  • haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara ( derňew, kazyýet, işeri işler ýa-da başga edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakda arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadadatnamasyny (polis);
  • ýüküň zaýalanmagy we ýok bolmagy barada düzülen ykrarnamany;
  • ulag talapnamasy boýunça bolup geçen halatynyň belgisini;
  • ýol ulag hadysasy ýüze çykan ýagdaýynda düzülýän içki resminamalaryny;
  • (demir ýol, awiakompaniýanyä, awtomabil ulagynyň, ekspertizanyň) ykrarnamalaryny;
  • zeper eten bolan ýüküň suratlaryny.
Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: