+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Raýatlara eýeçilik hukugynda degişli bolan öýleri ätiýaçlandyryş emläk taýdan ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, munuň özi öýleri abatlamak we zeper ýeten emlägi çalyşmak üçin garaşylmadyk çykdajylardan gaça durmagyň ýönekeý we döwrebap usulydyr.

Ätiýaçlandyryş obýektleri:

         - ähli gurnama bölekleri bilen bilelikde öýler, enjamlar, elektrik simleri, santehniki enjamlar, ýyladyş gurallary we başgalar. 

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

  • tebigy betbagtçylyklardan: suw joşmagyndan, ýer titremesinden, tupandan, harasatdan, çabgadan, dolydan, ýeriň opurylmagyndan, sil gelmeginden, ýerasty suwlaryň duýdansyz ýagdaýda ýokaryk çykmagyndan, şu ýer üçin adaty bolmadyk ýagdaýda güýçli ýagyşyň ýagmagyndan ýa-da galyň garyň düşmeginden;
  • ýyladyş, suw geçiriji we lagym ulgamlarynyň suw basmagyndan şol sanda howanyň temperaturasynyň pese düşmegi netijesinde heläkçilik ýagdaýynyň ýüze çykmagyndan, ýangyn söndüriş ulgamynda heläkçilik ýagdaýynyň ýüze çykmagyndan;
  • ýangyndan, ýyldyrym urmagyndan, partlaýyşdan;
  • uçýan apparatlaryň (uçarlar, hemralar we başgalar) we olaryň bölekleriniň ýere gaçmagyndan, ulag serişdeleriniň basmagyndan;
  • üçünji taraplaryň hyýanatçylykly hereketlerinden;
  • gapyny döwip we talap ogurlyk etmeginden.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis) satyn almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli;
  • Öýleri gözden geçirmek üçin görkezmeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

  • haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (gidrometeorologiýa we seýsmologiýa gulluklary, komunal hojalygy, derňew, kazyýet, polisiýa ýa-da başga edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakynda arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis);
  • öýleriň ýok edilmegi (zyýan çekilendigi) barada ykrarnamany;
  • gidrometeorologiýa we seýsmologiýa gulluklarynyň delilhatyny;
  • komunal hojalygynyň delilhatyny;
  • ýangyn gözegçiliginiň, içeri işler edaralarynyň delilhatyny;
  • zyýan çeken emlägiň suratlaryny.
Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: