+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Hünär jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş şahsy ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetirilen zelel onuň obýekti bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň polisini satyn alsaňyz, size işlemek ýeňil düşer hem-de ertirki güne ynamly bolarsyňyz.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

  • Hünär işiniň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine zyýan ýetirilmeginden.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis) satyn almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

Üçünji tarapyň emlägine zyýan ýetirilende:

  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis);
  • ätiýaçlandyryş halaty hakynda arzany;
  • ätiýaçlandyryş halatynyň bolmagynyň sebäbi hakyndaky ygtyýarly edaralaryň netijenamasyny;
  • ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykandygy barada ykrarnamany;
  • abatlamagyň ygtyýarly guramalar tarapyndan düzülen dikeldiş hasaplamasyny;

Üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna zelel ýetirilende:

  • üçünji taraplaryň saglygyna ýetirilen zelel üçin arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis);
  • (şikes ýeten ýagdaýynda) bejeriş edarasyndan delilhat;
  • (aradan çykan halatynda)üçünji tarap aradan çykandygy hakynda şahadatnamasynyň kepillendiriş tertibinde güwä geçilen nusgasyny;
  • mirasa bolan hukuk hakyndaky şahadatnamasyny.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: