+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Oba hojalyk emlägini ätiýaçlandyryş emläk taýdan ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, ätiýaçlandyrylan emläge eýeçilik etmek, ondan peýdalanmak we oňa ygtyýarlyk etmek bilen baglanyşykly emläk bähbitleri onuň obýekti bolup çykyş edýär.

Ätiýaçlandyryş obýektleri:

- gara mallary, öý guşlary, bal-ary maşgalalary, binalar, desgalar, oba hojalyk tehnikalary, enjamlar we inwentarlar, ulag serişdeleri we beýleki emläkler.

        Diňe Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň polisini satyn almak bilen, siz öz işiňiz bilen aga-ýana meşgullanyp bilersiňiz.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

  • ýangyndan, tupandan, tüweleýden, suw basmagyndan, silden, ýyldyrym çakmagyndan, kesellerden, ýer titremeginden, cabgadan.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis) almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli;
  • Ätiýaçlandyrylýan emlägi gözden geçirmek üçin görkezmeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

  • haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (weterenar gullugy, derňew, kazyýet, polisiýa, ýa-da başga degişli edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakynda arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis);
  • oba hojalygyk emlägiň ýok edilendigi zeper ýetendigi barada ykrarnamasyny;
  • mallar heläk bolandygy (mejbury soýulan ýagdaýy, ýok edilmegi ýa-da soýulmagy) barada ykrarnamasyny;
  • weterenariýa gullugyndan, derňew, kazyýet ýa-da başga degişli edaralardan delilhatyny;
  • zeper ýeten oba hojalyk emläginiň suratlaryny.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: