+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Oba hojalyk ekinlerini we köp ýyllyk ösümlikleri ätiýaçlandyryş emläk taýdan ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir.

            Ätiýaçlandyryş obýektleri:

            - oba hojalyk ekinleriniň we köp ýyllyk ösümlikleriň hasyly, miweli-ir-iýmişli agaçlar we beýleki ösümlikler.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň polisini satyn almak bilen, siz öz hasylyňyzy gorap bilersiňiz.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

  • ýeriň opurylmagy, ýeriň doňmagy, ýeriň guraklygy, süýşmegi, suw joşmasy ýangyn, sil gelmegi, meterologiýa we beýleki tebigy betbagtçylyklar ýa-da ýabany haýwanlar netijesinde ýok bolmagyndan ýa-da zeper ýetmeginden;
  • keseller we ösümliklere zyýan berijiler netijesinden;
  • tebigy betbagtçylykly hadysalardan, ýangyndan elektriki energiýasynyň berilmeginiň bes edilmegi netijesinde ýok bolmagyndan ýa-da zaýalanmagyndan;

Ätiýaýlandyryş şahadatnamasyny (polis) satyn almak üçin näme gerek?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli;
  • Ätiýaçlandyryş obýektini gözden geçirmek üçin görkezmeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

  • haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (gidrometeorologiki we seýsmologiki guramalardan, derňew, kazyýet, içeri işler ýa-da başga edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakda arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadadatnamasyny (polis);
  • ätiýaçlandyrylan ekin meýdançasynyň gözden geçiriş ykrarnamasyny;
  • ýok bolmagy we zeper ýetmegiň delilnamasyny;
  • gidrometeorologiki we seýsmologiki we beýleki degişli guramalarynyň delilhatyny;
  • zeper ýeten oba hojalyk emläginiň suratlaryny.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: