+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Mekdep okuwçylaryny ätiýaçlandyryş şahsy ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysynyň ömrüne we saglygyna ýetirilen zelel onuň obýekti bolup durýar.

Özüňiziň mekdep okuwçylaryňyzyň ömrüni we saglygyny goramakda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş polisi size kömek eder.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

  • okuwçynyň ömri we saglygy.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis) satyn almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýüz tutmaly.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

  • haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (lukmançylyk, derňew, kazyýet, polisiýa ýa-da başga edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakynda arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis);
  • (şikes ýeten ýagdaýynda) bejeriş edarasyndan delilhat;
  • aradan çykmagynyň sebäbi barada degişli edaralaryň delilhatyny;
  • (aradan çykan halatynda) Ätýaçlandyrylan okuwçynyň aradan çykandygy hakynda şahadatnamasynyň kepillendiriş tertibinde güwä geçilen nusgasyny;
  • mirasa bolan hukuk hakyndaky şahadatnamasyny.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: