+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Raýatlara degişli jaýlary ätiýaçlandyryş emläk taýdan ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biri bolup durýar, ätiýaçlandyrylan emläge eýeçilik etmek, ondan peýdalanmak we oňa ygtyýarlyk etmek bilen baglanyşykly emläk bähbitleri onuň obýekti bolup çykyş edýär.

Ätiýaçlandyryş obýektleri:

         - raýatlaryň şahsy eýeçiliginde bolýan, hemişelik bolmaly ýerinde goýlan we diwarlary we üçegi bolan binalar ýaşaýyş jaýlary, daça öýjagazlary, hojalyk gurluşyklary.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň polisini satyn almak bilen, siz öz jaýyňyzyň ygtybarly goraglylygyny üpjün edersiňiz. 

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

  • ýangyndan, ýyldyrym urmagyndan, partlaýyşdan;
  • tebigy betbagtçylyklardan (suw joşmasyndan, ýer titremesinden, harasatdan, tupandan, çabgadan, dolydan, ýer süýşmeginden, sil gelmeginden), ýerasty suwlaryň duýdansyz ýagdaýda ýokary galmagyndan, şol ýer üçin adaty bolmadyk dowamly ýagyşyň ýagmagyndan we galyň garyň düşmeginden;
  • suw basmagyndan, ýyladyş, suw geçiriş we lagym ulgamlarynyň hatardan çykmagyndan (şol sanda temperaturanyň pese gaçmagy netijesinden), şeýle hem ýangynyň ýaýramagyny bes etmek üçin ýa-da haýsydyr bir tebigy betbagtçylygyň tötänleýin howpy bilen baglanyşykly jaýy söküp aýyrmakdan ýa-da olary başga ýere geçirmekden;
  • ätiýaçlandyrylan emlägiň üstüne dolandyrylýan, uçýan obýektleriň ýa-da olaryň döwük-ýenjikleriniň gaçmagyndan, olaryň üstünden awtoulag serişdeleriniň basyp geçmeginden;
  • üçünji taraplaryň hyýanatçylykly hereketlerinden.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis) satyn almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli;
  • Jaýlary gözden geçirmek üçin görkezmeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

  • haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (gidrometeorologiýa we seýsmologiýa gulluklary, komunal hojalygy, ýangyn gözegçiligi, kazyýet, işeri işler ýa-da başga edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakynda arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis);
  • jaýlaryň ýok edilmegi ýa-da zyýan çekilendigi barada ykrarnamany;
  • gidrometeorologiýa we seýsmologiýa gulluklarynyň delilhatyny;
  • ýangyn gözegçiliginiň, içeri işler edaralarynyň delilhatyny;
  • zyýan çeken emlägiň suratlaryny.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: