+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Ulag serişdelerini ätiýaçlandyryş emläk ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir. Ätiýaçlandyrýanyň ulag serişdesine eýelik etmegi, peýdalanmagy, ygtyýar etmegi bilen baglanyşykly emläk bahbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň şahadatnamasy Siziň  ulag serişdäňizie ýetirilen zyýan üçin ýüze çykan harajatlardan gorar.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

heläkçilikden, tebigi betbagtçylykdan, ulag serişdesiniň ogurlanyp alnyp gidilmeginden, ýangyndan, öz özünden ot almagyndan, betbagtçylykly hadysalardan.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza bermeli;

  • ulag serişdesini gözden geçirmek üçin görkezmeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

haýal etmän ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylandaky ulag serişdesiniň fotosuratlary;

  • ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykanlygy hakyndaky arza.

  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasy.

  • polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň, derňew edaralarynyň ýa-da  beýleki degişli edaralaryň güwänamasyny;

  • polisiýadan güwänama (eger-de ulag serişdesi ogurlanyp alyp gidilen bolsa);

  • ulag serişdesiniň abatlaýyş işleriniň hasaplamasyny;

  • zaýalanan ulag serişdesiniň fotosuratlary;

  • bellige alnanlygy hakynda güwänamanyň göçürme nusgasyny;

  • sürüjilik şahadatnamasynyň göçürme nusgasyny.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: