+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Daşary ýurtlara gidýän raýatlary ätiýaçlandyryş şahsy ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, daşary ýurtlarda bolýan wagtyňyzda tötänleýin kesellemegiňiz ýa-da betbagtçylykly ýagdaý ýüze çykmagy netijesinde ömre we saglyga ýetirilen zelel onuň obýekti bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş polisini satyn almak bilen, siz daşary ýurtlarda bolýan wagtyňyzda tötänleýin keselläniňizde ýa-da betbagtçylykly ýagdaý ýüze çykanda özüňize kömek edip bilersiňiz.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

  • duýdansyz kesellemekden ýa-da betbagtçylyk hadysalardan.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis) satyn almak üçin näme gerek?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

  • ätiýaçlandyryş polisinde görkezilen telefon belgisi boýunça Ýardam etmek boýunça kompaniýasyna habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakda arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadadatnamasyny (polis);
  • ätiýaçlandyryş halatyny, keseliň teswirini, saglygy goraýyş netijenamasyny, keseli bejermegiň, satyn alnan dermanlaryň, çykdajylaryny tassyklaýan resminamalary bermeli;
  • (Ätiýaçlandyrylan şahsyň aradan çykan halatynda) aradan çykandygy hakynda şahadatnamasynyň kepillendiriş tertibinde güwä geçilen nusgasyny;
  • mirasa bolan hukuk hakyndaky şahadatnamasyny.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: