+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Şahsy adamlara degişli mallary ätiýaçlandyryş ömür we saglyk bilen baglanyşykly çynlakaý meselelerden öz mallaryňy goramagyň iň ýönekeý we döwrebap mümkinçilikleriň biridir.

Ätiýaçlandyryş obýektleri:

         - gara mal, öý guşy.

Ätiýaçlandyryşyň şu görnüşine şertnama baglaşsaňyz, siz öz mallaryňyz hakynda alada etdigiňiz bolar.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

  • kesellerden, kesel sebäpli mundan beýläk maly ulanmak mümkinçiligini aýyrýan weterinariýa gullugynyň hünärmeniniň görkezmesi boýunça mejbury öldürmekden ýa-da ýok etmekden;
  • elektrik togunyň täsirinden, gün ýa-da ýylylyk urgysyndan;
  • ýer titremeden, suw almadan, ogurlanmadan, gaýdan, tupandan, borandan, dolydan, doňmakdan, ýangyndan, partlaýyşdan, ýyldyrym urmakdan;
  • haýwanlaryň topulmagyndan, zäherli otlardan ýa-da maddalardan, ýylanyň çakmagyndan ýa-da zäherli mör-möjeklerden birden zäherlenmekden, derä gaçmagy, ulag serişdesiniň aşagyna düşmeginden, bogulmakdan we beýleki betbagtçylykly halatlardan;
  • mejbury öldürmek halatyndan, eger mal bilen betbagtçylykly hadysa bolan bolsa we oňa ölüm abanan bolsa;

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis) satyn almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

  • haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (weterinar gullugyna, işeri işler ýa-da başga edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakda arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis);
  • malyň ölümi baradaky ykrarnamasyny;
  • ätiýaçlandyryş halaty barada weterinar gullugynyň netijenamasyny.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: