+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Köpçülikleýin çäreleri guramaçylaryň jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş

Köpçülikleýin çäreleri guramaçylaryň jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryşy jogapkärçilik, şahsy we emläk ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, köpçülikleýin çäreleri guramaçylary tarapyndan üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna ýa-da emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak baradaky borjy bilen baglanyşykly jogapkärçilik bähbitleri we şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş şahadatnamasy Sizi jemgyýetçilik-köpçülik, sport-tomaşa, medeni-köpçülik we aň-bilim beriş çärelerini, mahabatlandyrmak we baýramçylyk taýdan bezemek bilen bagly partlaýjy maddalar, çyra bezegleri we beýleki ýörite täsir beriji serişdeleri ulanmak bilen çäreleri gurnaýan we geçirýän wagtyňyzda çärelerde ulanylýan emlägiňize, üçunji taraplaryň saglygyna ýa-da emlägine zyýan ýetirilen ýagdaýynda garaşylmadyk harajatlardan gorar. 

Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?

  • çäreler guralan we geçirilen mahaly ulanylýan desgalaryň, gurnamalaryň, gurnama enjamlary tötänleýin weýran bolmagy, ýumrulmagy, ýykylmagy agdarylmagy, ýanmagy, partlamagy netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna hem-de emlägine zyýanyň ýetirilmegi;

  • çärelere gatnaşyjylaryň wagşylykly hereketleri netijesinde, emlägi bilkastlaýyn ýok etmegi ýa-da oňa zeper ýetirmegi;

  • gatnaşyjylaryň gelmezligi;

  • köpçülikleýin çäreleriň ýa-da olaryň bölekleriniň islendik sebäpleri netijesinde geçirilmezligi.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin näme etmeli?

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza, köpçülikleýin çäräni geçirmek bilen baglanyşykly resminamalary, şeýle hem ätiýaçlandyrylýan desganyň fotosuratyny bermeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • arza;

  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;

  • ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäbi hakynda ygtyýarly edaranyň beren netije (emläge zyýan ýetirilende);

  • ejir çeken emlägiň fotosuraty (emläge zyýan ýetirilende);

  • ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly Ätiýaçlandyryja bildirilýän hak islegleri (emläge zyýan ýetirilende);

  • saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty (üçünji taraplaryň saglygyna zelel ýetirilende);

  • alyjynyň şahsyýetine güwä geçýän resminama (üçünji taraplaryň saglygyna zelel ýetirilende).

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: