+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, işgärleriň öz gulluk borçlaryny ýerine ýetiren mahaly bolup geçen betbagtçylykly halat netijesinde ömre we saglyga ýetirilen zelel onuň obýekti bolup durýar.

Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň polisini satyn alsaňyz, ol öz borçlaryny ýerine ýetirýän mahaly, şeýle hem işe barýan ýa-da gaýdyşyn ýolda öz işgärleriňizi dürli ýakymsyz ýagdaýdan goramaga kömek eder.

 Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?

  • ömri we saglygy.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis) almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli;
  • ätiýaçlandyryşa degişli işgärleriň sanawyny düzmeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

  • haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (lukmançylyk, derňew, kazyýet, polisiýa ýa-da başga edaralara habar bermeli) habar bermeli;

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakda arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis);
  • (şikes ýeten ýagdaýynda) bejeriş edarasynyň delilhatyny;
  • betbagtçylykly hadysa barada ykrarnamasyny;
  • (Ätiýaçlandyrylan şahsyň aradan çykan halatynda) aradan çykandygy hakynda şahadatnamasynyň kepillendiriş tertibinde güwä geçilen nusgasyny;
  • mirasa bolan hukuk hakyndaky şahadatnamasyny.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: