+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşaýjylarynyň raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş  emläk taýdan ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, ýük  daşaýjylaryň halkara ýükleri daşalan mahaly göz öňünde tutulan amallary ýerine ýetirmegi netijesinde ýüze çykan zeleliň öwezini dolmak barada gümrük edaralarynyň öňündäki borçnamasy onuň obýekti bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş polisi size gümrük edaralarynyň öňünde ýük daşaýjynyň jogapkärçiligini goramaga kömek eder.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

  • gümrük edaralarynyň öňündäki jogapkärçiligi.

Ätiýaýlandyryş şahadatnamasyny (polis) satyn almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli;
  • ýol-ulag serişdesiniň gümrük möhürleri we plombalary astynda halkara ýük daşamalaryna göýberilendigi hakyndaky şahadatnamanyň nusgasyny görkezmeli.

 Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

  • haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara ( derňew, kazyýet, içeri işler ýa-da başga edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakda arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadadatnamasyny (polis);
  • ätiýaçlandyryş halaty boýunça ykrarnamasyny;
  • awtoulag nakladnoýlary hasaplary we harytnamalary ýük manifestlerini HÝD kitapçalarynyň nusgalaryny;
  • jerime salnandygy hakynda gümrük edaralarynyň kararyny;
  • ýüküň ýok edilmegini, ýetmezligini, ýitirilmegini subut edýän ýazmaça subutnamalaryny, hukuk goraýjy edaralarynyň delilnamasyny;
  • waka hakynda sürüjiniň ýazmaça düşündirişini;
  • zeper ýeten ýüküň suratlaryny.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: