+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Emlägi ätiýaçlandyryş emläk taýdan ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biri bolup durýar, ätiýaçlandyrylan emläge eýeçilik etmek, ondan peýdalanmak we oňa ygtyýarlyk etmek bilen baglanyşykly emläk bähbitleri onuň obýekti bolup çykyş edýär.

Ätiýaçlandyryş obýektleri:

         - binalar, desgalar, gurluşygy tamamlanmadyk desgalar, haryt-maddy gymmatlyklary we başgalar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň polisini satyn alyp, siz öz emlägiňizi ygtybarly gorap bilersiňiz!

Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?

  • Ýangyndan, ýyldyrym çakmagyndan, gazyň partlamagyndan;
  • Bug gazanlarynyň, gaz geçirijileriň, maşynlaryň we beýleki şu zeýilli gurluşlaryň ýarylmagyndan;
  • Döwüp açylan ogurlyk we talaňçylykdan;
  • Üçünji taraplaryň bilkastlaýyn hereketlerinden;
  • suw geçirijileriň, lagym, ýyladyş ulgamlarynyň we ýangyn söndüriji ulgamlarynyň suwundan ätiýaçlandyrylan emläge zeper ýetmeginden;
  • Tebigy betbagtçylyklardan: ýer titremeginden, wulkan atylmagyndan, ýerasty oduň täsirinden, toprak süýşmeginden, ýeriň çökmeginden, dag opurylmasyndan, sunamiden, tupandan, ýelden, harasatdan, tüweleýden, suw basmagyndan, silden, dolydan, ýerasty suwlaryň duýdansyz ýagdaýda ýokaryk çykmagyndan, şu ýer üçin adaty bolmadyk ýagdaýda güýçli ýagyşyň ýagmagyndan ýa-da galyň garyň düşmeginden;
  • Penjire aýnalarynyň, ýüz görülýan aýnalaryň we witrinalaryň döwülmeginden, dolandyrylýan uçarlaryň we olaryň bölekleriniň ätiýaçlandyrylan emlägiň üstüne gaçmagyndan;
  • Önümçiligiň we söwdanyň togtamagy sebäpli çekilen zyýan.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis) satyn almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza görkezmeli;
  • (emläkleriň, enjamlaryň ýa-da binalaryň) görkezilen bahalary bilen teswirini bermeli;
  • ätiýaçlandyrylýan emlägi gözden geçirtmek üçin bermeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

  • haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (derňew, kazyýet, polisiýa, ýangyn gözegçilik gullugy, ýa-da başga degişli edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakynda arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis);
  • emlägiň ýok edilmegi ýa-da zyýan çekilendigi barada ykrarnamasyny;
  • zyýan çeken ýa-da ýok edilen emläkleriň teswirini;
  • ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny tassyklaýan derňew, kazyýet, ýangyn gözegçiliginden, gidrometeorologiýa ýa-da seýsmalogiýa gullugyndan ýa-da başga degişli edaralardan delilhatyny;
  • zyýan çeken emlägiň suratlaryny.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: