+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Öndürilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili üçin jogapkärçiligi ätiýaçlandyryşyň bir görnüş bolup durýar.

Borçnamalar boýunça jogapkärçiligiň töwekgelçiligi bilen bagly bolan, harytlary (işleri, hyzmatlary) sarp etmegi (peýdalanmagy) netijesinde Bähbit görüjileriň ömrüne, saglygyna zelel ýetmegi we emlägine zyýan ýetmegi netijesinde, Ätiýaçlandyrýanyň ýaramaz hilde ýerine ýetiren, öndüren we ýerlän işleriniň netijeleri, şeýle hem satyjy, öndüriji hakynda, haryt (iş, hyzmat) hakynda anyklanmadyk ýa-da ýeterlik bolmadyk maglumat berilmändigi bilen ýüze çykyp biljek Ätiýaçlandyrýanyň emläk bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň şahadatnamasyny satyn alyp, siz ýakymsyz ýagdaýlara duçar bolmarsyňyz  we maliýe ýitgileriniň öňüni alarsyňyz.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas:

Borçnamalar boýunça, ömrüne, saglygyna we Bähbit görüjileriň emlägine zyýan ýetmegi netijesinde, ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen göz öňünde tutulan töwekgelçiligi bilen bagly bolan ýagdaýyndan.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza bermeli;

  • harytlaryň (işiň, hyzmatyň) sanawyny;

  • esasy sarp ediş häsiýetleriniň we harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) tehniki häsiýetnamalarynyň sanawyny;

  • Ätiýaçlandyrýan tarapyndan öndürilýän harytlary, ýerine ýetirilýän (işleri, hyzmatlary) sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň göçürme nusgasyny;

  • harytlary ibermek (işleri, hyzmatlary) ýerine ýetirmek üçin baglaşylýan (geleşikleri) şertnamalary;

  • öndürilýän ýa-da ýerlenýän harydyň çak edilýän möçberleri we olary çykarmagyň, ibermegiň möhletleri, şertnamanyň hereket edýän döwründe işleriň, hyzmatlaryň ýerine ýetirilýän möhletleri hakyndaky delilhatyny;

  • kepillendiriş borçnamalary (ýaramlylyk möhleti), ýerlemek möhletleri, saklamak möhletleri hem-de harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hili we olary öndürijiler, satyjylar hakyndaky maglumatlary;

  • ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleriniň derejesine baha bermek üçin Ätiýaçlandyryja zerur bolan beýleki maglumatlary.

 Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenmegi hakyndaky arza;

  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;

  • saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty (saglygyna, ömrüne zelel ýetirilende);

  • degişli ygtyýarly edaralaryň delilhatyny (emlägine zyýan ýetirilende);

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: