+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Karzlaryň üzülmezlik töwekgelçiligini meýletin ätiýaçlandyryş

Karzlaryň üzülmezlik töwekgelçiligini ätiýaçlandyryş emläk ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir. Ätiýaçlandyryş möhletiniň  owamynda peýdalanylan karzlaryň üzülmezlik töwekgelçiligi bilen baglanyşykly Ätiýaçlandyrýanyň emläk bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň şahadatnamasy Sizi karz şertnama boýunça bergiňizi wagtynda üzüp bilmedik ýagdaýyňyzda gorar.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

Karz alyjy karz şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň tamamlanan gününden 90 (togsan) günüň dowamynda alan karzyny yzyna gaýtarmak bilen Ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalaryny ýerine ýetirmekden.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza bermeli;

  • karz şertnamasynyň nusgasy;

  • karz almaklyga mümkinçiliginiň üpjünçiligini tassyklanan resminamalar;

  • kärhananyň düzgünnamasy, maliýe resminamalary;

  • girew şertnamasynyň nusgasy.

 

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

haýal etmän ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.

 Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenmegi hakyndaky arza;

  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;

  • möhleti geçen karzlaryň sanawyny;

  • üzülmedik karzyň mukdary barada, karzyň üzülmezliginiň sebäbi barada bank edarasynyň düzen ykrarhatyny.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: