+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Gurluşyk-gurnaýyş işlerini ätiýaçlandyryş gurluşyk-gurnaýyş işlerini ýerine ýetirmegiň barşy bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri, şeýle hem gurluşyk meýdançasynda bolýan emlägi – gurluşyk materiallaryny, gurluşyk tehnikasyny, wagtlaýyn desgalary ýitirmegiň töwekgelçiliklerini gurşap alýar.

Ätiýaçlandyryş obýektleri:

         - gurluşyk işleri, gurnaýyş işleri, gurluşyk meýdançalarynyň enjamlary, gurluşyk tehnikasy we mehanizmleri, üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi, işe girizilenden soňky kepillendiriş borçnamalary we başgalar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň polisini satyn almak bilen, siz zeper ýeten emlägi dikeltmek boýunça öz maddy bähbitleriňizi gorarsyňyz. 

Biz nämede  ätiýaçlandyrýas?

  • ýangyndan, ýyldyrym urmagyndan, gazyň partlanmagyndan, bug gazanlarynyň, gaz geçirijileriň ýarylmagyndan;
  • tebigy betbagtçylyklardan: ýer titremesinden, ýerasty oduň täsirinden, toprak süýşmeginden, ýeriň çokmeginden, dag opurylmagyndan, daş gaçmagyndan, apy-tupandan, ýelden, tupandan, harasatdan, tüweleýden, suw basmagyndan, suw almagyndan, sildan, dolydan, ýerasty suwlaryň duýdansyz ýagdaýda ýokaryk çykmagyndan, şu ýer üçin adaty bolmadyk ýagdaýda güýçli ýagyşyň ýagmagyndan ýa-da galyň garyň düşmeginden;
  • elektrik energiýasynyň täsirinden, urganyň we zynjyryň üzülmeginden, şaýlaryň we beýleki zatlaryň gaçmagyndan.

 Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis) satyn almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

  • haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (derňew, kazyýet, polisiýa ýa-da başga degişli edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakynda arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis);
  • emlägiň ýok edilmegi ýa-da zyýan çekilendigi barada ykrarnamasyny;
  • ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny tassyklaýan degişli edaralaryň delilhatyny;
  • zyýan çeken emlägiň hasaplamasyny;
  • gurluşyk-gurnaýyş kitaplaryndan, gündeliklerinden göçürmelerini;
  • hasap-fakturalar, hasaplar, ýanhatlar, maliýe resminamalaryny;
  • zyýan çeken emlägiň suratlaryny.
Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: