+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 31-nji martynda çykaran 11018 belgili Karary bilen «Harby gullukçylaryň we harby borçlularyň, içeri işler edaralarynyň hatarçylar hem-de ýolbaşçylar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 31-nji martynda çykaran 11018 belgili Karary bilen «Harby gullukçylaryň we harby borçlularyň, içeri işler edaralarynyň hatarçylar hem-de ýolbaşçylar düzüminden bolan adamlaryň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyny geçirmegiň we ätiýaçlandyryş puluny tölemegiň» ätiýaçlandyrmasy» girizildi.

Bu görnüşleriň girizilmeginiň esasy maksady harby gullukçylaryň we harby borçlularyň, içeri işler edaralarynyň ýolbaşçy we esger düzümindäki adamlaryň we gümrük gulluklarynyň işgärleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda wepat bolanda, ýaralananda we kesellän ýagdaýlarynda maddy kömegi bilen üpjün etmekdir.

 Ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenýär:

  • Ätiýaçlandyrylan adam gulluk (ýygnanyşyk) döwründe we gümrük gullugy işinde wepat bolan (aradan çykan) halatynda, ýa bolmasa gullugy (ýygnanyşygy) gutaransoň bir ýylyň içinde ýaralanmagyň, seňselemegiň, döwük-ýenjigiň netijesinde aradan çykan ýagdaýynda;
  • Ätiýaçlandyrylan adamynyň gulluk edýän döwründe maýyplyk bellenilen ýagdaýynda;
  • Ätiýaçlandyrylan adamynyň gulluk edýän döwründe (işde) agyr ýa ýeňil ýaralanan ýagdaýynda;
  • belli bir möhleti gulluk döwründe harby gullukçynyň, ýygnanyşyk döwründe harby borçlynyň saglyk ýagdaýynyň mundan beýläk gulluga (ýygnanyşyga) ýarawsyzdygy ykrar edilen ýagdaýynda;
  • Ätiýaçlandyryş pul möçberi beýleki ätiýaçlandyryş görnüşleri boýunça tölenýän töleglere we zyýanyň öwezini tölenmegine garamazdan tölenýär.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: