+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Hökmany Döwlet Ekologiýa Ätiýaçlandyrmasy

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, ýer, suw baýlyklaryny aýawly peýdalanmak, deňiz gurşawyny we onuň köpdürlüligini saklamak şeýle hem tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagy, ekologiýa howpsuzlygyny,

     Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, ýer, suw baýlyklaryny aýawly peýdalanmak, deňiz gurşawyny we onuň köpdürlüligini saklamak şeýle hem tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagy, ekologiýa howpsuzlygyny, Türkmenistanyň çäginde daşky gurşawy we üçünji taraplaryň emlägini, ömrüni, saglygyny ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 8-nji fewralynda çykaran 12832-nji karary bilen Türkmenistanda “Hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasy” girizildi.

      Hökmany ätiýaçlandyryşyň maksady daşky gurşawyň heläkçilikli ýagdaýda hapalanmagy netijesinde, üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna, emlägine we (ýa-da) daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmakdyr.

      Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, işiň ekologiýa taýdan howply görnüşlerini amala aşyrýan hem-de hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan edaralar, kärhanalar we guramalar (Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän edaralar muňa girmeýär), şol sanda daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary, olaryň şahamçalary, wekillikleri, şeýle hem edara görnüşli tarapy döretmezden, telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplar öz serişdeleriniň hasabyna hökmany ekologiýa ätiýaçlandyrmasy bilen üpjün etmäge borçludyrlar.

      Ätiýaçlandyryş şertnamasy her ýylyň 1-nji ýanwaryndan 31-nji dekabry aralygynda bir senenama ýyly üçin baglaşýarlar. Emma, 1-nji ýanwardan soň döredilen Ätiýaçlandyrýanlar kanunçylyga laýyklykda bellige alnan gününden başlap, degişli ýylyň 31-nji dekabry aralygyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylýar.

  Ätiýaçlandyryş pul möçberi taraplaryň ylalaşmagy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenýär.

     Ätiýaçlandyryş pul möçberi degişli resminamalar kabul edilenden soňra 30 kalendar gününden gijä galman tölenýär.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: