+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

 Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji fewralynda çykaran I46I3-nji karary bilen Türkmenistanda Ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy girizildi.

Ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan edara görnüşli taraplaryň Sanawyna girizilen Türkmenistanyň çäginde iş alyp barýan edara görnüşli taraplar (Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän edara görnüşli taraplar muňa girmeýär), şol sanda daşary ýurt edara görnüşli taraplar ätiýaçlandyryş şertnamasyny 1-nji ýanwardan 31-nji dekabr aralygyna bir senenama ýyly üçin baglaşylýar. 1-nji ýanwardan soň döredilen ätiýaçlandyrýanlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan gününden başlap, degişli ýylyň 31-nji dekabry aralygyna ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar. Geljek ýyl üçin ätiýaçlandyryş şertnamasy dowam edýän ýylyň 1-nji oktýabryndan 31-nji dekabry aralygyndaky döwürde baglaşýarlar.

Ätiýaçlandyryşyň obýekti Ätiýaçlandyrýanlaryň emläk bähbitleri we ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi bolup durýar.

Ätiýaçlandyryş pul möçberi taraplaryň ylalaşmagy esasynda kesgitlenýär

Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş nyrhlarynyň esasynda ätiýaçlandyrýanyň emläginiň hökmany ätiýaçlandyryşy boýunça we ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine zyýan ýetirmek halatyna ätiýaçlandyrýanyň raýat-hukuk jogapkärçiligi boýunça aýratynlykda hasaplanylýar.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň bellenilen görnüşdäki ýazmaça arzasynyň esasynda baglaşylýar. Arzada ätiýaçlandyryşa hödürlenilýän emläkler barada ähli zerur maglumatlar bolmalydyr.

Eger ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň wekilleri tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ýangyn howpsuzlygynyň talaplary ýa-da şoňa meňzeş beýleki talaplar bozulan ýagdaýynda, ätiýaçlandyrýan Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tarapyndan düzgün bozulmalar boýunça berlen talapnamalary ätiýaçlandyryja bermäge borçludyr.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: