+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 26-njy iýunyndaky çykaran 1287 belgili Karary Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy kämilleşdirilen görnüşde girizildi.

Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy

Hökmany ätiýaçlandyryşyň bu görnüşinde işgäri goragy bilen üpjün etmegi we onuň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly betbagtçylykly halat we hünär keseli ýa-da saglygyna başga hili zeper ýetmegi netijesinde ýetirilen zähmet şikesi üçin ätiýaçlandyryş pul möçberlerini tölemegi maksat edilýär.

Betbagtçylykly hadysa işgäriň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly bolup, şonuň netijesinde şikes alnan, hünär keseli ýüze çykan ýa-da ol hakykatdan hem tötänleýin aradan çykan, öňünden görülmedik waka aýdylýar. Hünär keseli diýlip zyýanly önümçilik şertleriniň täsirinden soň ýüze çykan kesele düşünilýär. Kärhanalar, birleşikler we guramalar öz serişdeleriniň hasabyna ýokary derejedäki töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärlerini hökmany ätiýaçlandyryş bilen üpjün etmäge borçludyr. 

Ätiýaçlandyryş şertnamasy 1-nji ýanwardan 31-nji dekabr aralygyna bir senenama ýyly üçin baglaşylýar. 1-nji ýanwardan soň döredilen ätiýaçlandyrýanlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan gününden degişli ýylyň 31-nji dekabryna çenli aralygyna ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar.

Ätiýaçlandyrýanlar hökmany ätiýaçlandyryşa degişli bolan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanan Ýokary töwekgelçilikli işleriň (önümçilikleriň) we işgärler toparynyň Sanawyna (mundan beýläk-Sanaw) degişli işgärlerini öz serişdeleriniň hasabyna ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmäge borçludyrlar. 

Sanawda görkezilen wezipeleriň we işiň görnüşleriniň üýtgemegi bilen zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşyp, Sanaw gaýtadan seredilip, üýtgedilip bilner.

Bir ýa-da birnäçe şikes üçin ätiýaçlandyrylan şahsa tölenilmeli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 100 essesi möçberinden geçmeli däldir.

Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň hünär keseli bilen kesellemegini, zähmete ukyplylygynyň ýitirilmeginiň derejesi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Hemaýata mätäçligi anyklaýjy topary tarapyndan kesgitlenilýär we degişli maýyplyk topary bellenilýär.

Önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysanyň netijesinde ýüze çykan ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan «Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine» laýyklykda tölenilýär.

Kazyýetde seredilýän ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak bilen bagly jedelli ýagdaýlardan başga halatlarda ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda, ähli zerur resminamalar alnandan soň 7 (ýedi) iş gününden gijä galman, ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenýär.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: