+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 11-nji noýabrynda çykaran 14993 belgili Karary bilen «Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň» şertleri halkara standartlaryna laýyk getirildi.

Awtomobil ulag serişdesiniň eýesi (gatnadyjy) Türkmenistanyň çäklerinde ulanylýan ähli awtomobil ulag serişdeleri boýunça öz rayat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmaga borçludyr. Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleri (gatnadyjylar) diýilende awtomobil ulag serişdelerini özlerine degişli bolan eýeçilik hukugy, hojalygy ýöretmek hukugy, operatiw dolandyryş hukugy boýunça ýa bolmasa beýleki esaslar boýunça ulanýan edara görnüşli taraplar we şahsy adamlar göz öňünde tutulýar. Hökmany ätiýaçlandyrmasynyň maksady ýol-ulag hadysalary wagtynda ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýol – ulag hadysasy netijesinde ejir çeken, hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça tarap bolup durmaýan, şeýle hem zyýanyň ýetirilmegi netijesinde döreýän borçnamalar hakynda Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda kazyýet tarapyndan üçünji taraplar diýilip ykrar edilen ähli edara görnüşli taraplar we şahsy adamlar, olaryň mirasdarlary (hukuk orun tutarlary) üçünji taraplar diýlip ykrar edilýär.

Awtomobil ulag serişdeleri diýlip Türkmenistanyň Içeri işler ministirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy we awtomobil ulag serişdelerini bellige almak işini amala aşyrýan beýleki edaralar tarapyndan döwlet tarapyndan bellige we hasaba alynmaga degişli bolan awtomobil ulaglara (relssiz, ýerüsti, maşyn kysymly dwigatelli awtomobil ulag serişdeleri), tirkeglere we motosikllere düşünilýär.

Eýesi (gatnadyjy) özüniň üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmasa, awtomobil ulag serişdesiniň ulanylmagyna ýol berilmeýär. Awtomobil ulag serişdesiniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän edaralar we umumylykda peýdalanylýan ulaglaryň hyzmatlary üçin nyrhlar döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän kärhanalar we amortizasiýa möhleti geçen awtomobil ulag serişdeleri degişli däldir. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir senenama ýyla, ýagny 1-nji ýanwardan 31-nji dekabra çenli möhlete, 1-nji ýanwardan soň Türkmenistanyň çägine täze getirilen awtomobil ulag serişdeleri barada bolsa, olar satyn alnan pursatdan başlap degişli ýylyň 31-nji dekabryna çenli möhlete baglaşylýar.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly jogapkärçilik möçberiniň 10 göterimi möçberinde franşiza bellenilýär. Şunda, Ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçýän zyýan üçin jogapkärçilik çekýär.

Ätiýaçlandyryş tölegleri awtomobil ulag serişdesiniň kysymyna, jogapkärçiligiň möçberine, bellige alynan ýerine we Türkmenistanyň çäklerinde bolýan döwrüne baglylykda tapawutlandyrylyp, nagt däl hasaplaşyk ýa bolmasa nagt pul tölemek arkaly, bir gezekde alynýar. Ätiýaçlandyryjy awtomobil ulag serişdesiniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça şahsy taraplar üçin ýaşaýan ýerinde, edara görnüşli taraplar üçin bolsa guramaň ýerleşen ýerinde awtomobil ulag serişdelerini bellige almagyň, gaýtadan bellige almagyň, tehniki taýdan gözden geçirilende şonuň ýaly-da awtomobil ulag serişdesi Türkmenistanyň çägine girende ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýar.

Üçünji tarap aradan çykan halatynda jogapkärçiligiň aňryçäk möçberi kanunçylyk tarapyndan bellenilen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 100 essesine barabardyr. Emläk jogapkärçiligi boýunça kanunçylyk tarapyndan bellenilen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 100 essesinden köp däldir. Şeýlelikde, Ätiýaçlandyrýan emläk zyýanynyň öwezini dolmak boýunça jogapkärçiligiň möçberini öz islegine görä saýlap biler. Geljek ýyl üçin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak we ätiýaçlandyryş töleglerini tölemek, dowam edýän ýylyň 1-nji oktýabryndan 31-nji dekabra çenli döwürde amala aşyrylýar.

Daşary ýurt awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleri (gatnadyjylar) Türkmenistanyň çäklerine giren wagtynda 5 we 15 gün möhlete ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar. Eger-de Türkmenistanda bolunýan möhlet degişli günden köp bolsa, awtomobil ulag serişdesiniň eýesi (gatnadyjy) hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasyny uzaltmalydyr we ätiýaçlandyryş tölegini tassyklanylan nyrhlara görä hasaplamak bilen, özüniň bolýan möhletine baglylykda goşmaça tölemelidir.

Awtomobil ulag serişdesiniň eýesi (gatnadyjy) çalşylan halatynda hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça onuň hukuklary we borçlary öz razylygy bilen, degişli hukuk orun tutaryna Türkmenistanyň raýat kodeksi arkaly kesgitlenilen tertipde geçýär.

Ýol-ulag hadysasy üçünji adamlaryň ölmegine, maýyp bolmagyna ýa-da olaryň saglygyna başga bir görnüşde şikes ýetmegine, şeýle hem olaryň emläginiň zaýalanmagyna ýa bolmasa ýok edilmegine elten halatynda Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini töleýär.

Kazyýetiň Ätiýaçlandyrýanyň jogapkärçiligini belleýän çözgüdi güýje girenden ýa-da Ätiýaçlandyrýanyň üçünji tarapyň öňündäki jogapkärçiligini Ätiýaçlandyryjy bilen deslapdan ylalaşyp boýun alandan soň, hökmany ätiýaçlandyrmasynyň şertleri bilen göz öňünde tutulan ähli gerekli resminamalar toplanandan soň, 7 (ýedi) bank gününden gijä galman ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri tölenilmelidir.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: