+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň 27-nji sentýabryndaky №PP1646 Permany bilen „Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa ulagynyň ekipažlarynyň agzalarynyň, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil ulaglarynyň işgärleriniň hökmany ätiýaçlandyryşy“ girizildi hem-de şol Permanyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti 2001-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda №PP3290 Perman çykardy.

Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa ulagynyň ekipažlarynyň agzalarynyň, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil ulaglarynyň işgärleri, ýolagçy gatnatmalaryny amala aşyrýan guramalaryň işgärleri hem-de telekeçiler uçuş, sapar mahaly betbagtçylykly halatlardan hökmany ätiýaçlandyryşa degişlidir.

Hökmany ätiýaçlandyryş:

- demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil ulaglarynyň şäherýaka gatnawlarynyň;
- gezelenç we syýahat geçelgelerindäki, geçitlerdäki deňiz we içerki suw ulaglarynyň;
- şäher içinde gatnaýan awtoulaglaryň;
- şäher elektrik ulaglarynyň ýolagçylaryna we ekipažlarynyň işgärlerine degişli däldir.

Ekipažlar we ulaglaryň işgärleri üçin ätiýaçlandyryş tölegleri ulag guramalary, şeýle hem ýolagçy gatnatmalaryny amala aşyrýan guramalar we telekeçiler tarapyndan tölenilýär.

Ätiýaçlandyryş tölegleri ýolagçy biletleriň bahasyna goşulýar we ýolagçylardan ulag guramalary, şeýle hem ýolagçy gatnatmalaryny amala aşyrýan guramalar we telekeçiler tarapyndan şu möçberde alynýar.

Ýolagçylar we ekipažlaryň işgärleri howa, deňiz, derýa gämisine, otla, awtobusa ýa-da beýleki ulag serişdesine münmek yglan edilen pursatyndan başlap olardan düşýänçäler ätiýaçlandyrylan hasaplanýar.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: