Biz barada

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş maksady ýurduň maliýe ýagdaýyny berkitmekden, şeýle hem dünýä derejesindäki ätiýaçlandyryş hyzmatlary babatyndaky müşderiler üçin iň amatly şertlerde ýurduň ilatynyň we kärhanalarynyň talaplaryny kanagatlandyrmakdan ybarat.

mail

Maksatlary we wezipeleri

Maksatlary:

Ykdysady subýektleriň maliýe ýagdaýyny berkitmek, ilatyň we hojalyk subýektleriniň dünýä derejesindäki ätiýaçlandyryş hyzmatlary babatyndaky talaplaryny has doly kanagatlandyrmak.

Wezipeleri:

Döwletiň ätiýaçlandyryş syýasatyny durmuşa geçirmek, fiziki we ýuridiki şahslaryň emläk, şahsy bähbitleriniň ätiýaçlandyryş goragyny üpjün etmek.

Meýletin ätiýaçlandyryş

47 görnüş

Hökmany ätiýaçlandyryş

6 görnüş

Ýurt boýunça şahamçalar

36 gurama

Döreýiş taryhy

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy 1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda döredildi. Döredilen gününden häzirki güne çenli gurama ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmekde uly tejribe edindi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan 2011-2015 ý.ý. döwürleri üçin ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň döwlet maksatnamasy esasynda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň täze ätiýaçlandyryş önümleri işlenilip taýýarlanyldy we hereket edýän ätiýaçlandyryş önümleri kämilleşdirildi. Hut şu maksatnama ätiýaçlandyryş bazarynyň ösdürilmegine uly itergi berdi.

Iň gowy çözgütler

Döwletiň ätiýaçlandyryş ulgamynda özgertmeler örän wajypdyr, sebäbi örän çalt ösýän ýurdumyz ähli pudaklarda halkara standartlary hasaba alýar. Biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuşy-ykdysady özgertmeler ätiýaçlandyryş işiniň netijeliliginiň ösmegine ýardam edýär. Ätiýaçlandyryş işi pudagynda syýasaty durmuşa geçirmek bilen fiziki we ýuridiki şahslaryň bähbitlerinde, şeýle hem Watanymyzyň ösmegi üçin Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy dürli töwekgelçiliklerden goramak boýunça işi yzygiderli amala aşyrýar. Şu maksat bilen ätiýaçlandyryşyň täze usullary ornaşdyrylýar.

Wagtyň talaplaryna laýyklykda öz işini amala aşyrmak bilen, öz bilimlerini we toplan tejribesini ulanyp, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hünärmenleri bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary edýär, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň geljekde ösmegine we güllemegine gönükdirilen wezipelerini durmuşa geçirmekde mynasyp goşandyny goşýar.

Ygtybarly hyzmatdaş

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy ähli muşderiler üçin ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar. Töwekgelçilikler dünýäsinde ätiýaçlandyryş polisi bilen goralmak – biziň her birimiz üçin iň gowy we amatly ýol.