Ätiýaçlandyryş halaty

Ätiýaçlandyryş halaty

Ätiýaçlandyryş halaty diýlip, ätiýaçlandyryşyň görnüşine we ätiýaçlandyrylan töwekgelçilige baglylykda ýüze çykan zelele ýa-da betbagtçylykly hadysa aýdylýar. Bu zelel ätiýaçlandyryşyň her bir görnüşi boýunça aýry-aýrydyr. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýanlar ätiýaçlandyryş kadalarynyň we elindäki polisleriniň şertlerine laýyklykda hereket etmelidirler.

Şahsy ätiýaçlandyryşda

Şahsy ätiýaçlandyryşda Ätiýaçlandyrýanyň ömri we saglygy bilen bagly bolan töwekgelçilikleriň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň şikes almagy, zäherlenmegi, synalarynyň ýaralanmagy ýa-da olaryň aýrylmagy, Ätiýaçlandyrylan şahsyň duýdansyz kesellemegi we onuň keselhana ýerleşdirilip ýa-da ambulatoriýada kesel bejertmelere getirmegidir.

Emläk ätiýaçlandyryşynda

Emläk ätiýaçlandyryşynda ätiýaçlandyryş halaty heläkçiligiň, tebigy betbagtçylyklaryň, betbagtçylykly hadysalaryň, üçünji taraplaryň bilkastlaýyn we bikanun hereketleriniň, ogurlygyň ýa-da ýangynyň netijesinde emläge zelel ýetirilip, onuň zaýalanmgy, döwülmegi ýa-da ýok bolmagydyr.

Bu ýagdaýda näme etmeli?

Emläk ätiýaçlandyryşy

Emläk ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş halaty bolan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýan:

  • Emlägi ogurlanan, ogurlamaga ýa-da talamaga synanaşyk etmegiň netijesinde ýok edilen ýa-da zelel ýetirilen ýagdaýynda şol bada polisiýa edaralaryna, ýangyn bolan ýagdaýynda ýangyn gözegçiligi gullugyna, partlama ýa-da heläkçilikde bolsa- heläkçilik (awariýa) gullugynyň degişli edaralaryna habar etmeli

  • Ätiýaçlandyryş halaty barasynda Ätiýaçlandyryja bada-bat ýazmaça habar bermeli. Ýazmaça arzasynda: nirede we nähili ýadgaýlarda ätiýaçlandyrylan emlägiň ogurlanandygy, ýok edilendigi ýa-da zelel ýetirilendigi, haýsy ygtyýarly guramalara habar edilendigi anyk görkezilmeli

  • Ähli emlägi doly ýok edilen ýagdaýyndan başga halatlarda ýok edilen, zelel ýetirilen ýa-da ogurlanan öý emläginiň Ätiýaçlandyryjydan alnan görnüş boýunça sanawyny düzmeli

  • Sanawa goşulan zelel ýetirilen ýa-da olardan galan galyndylary Ätiýaçlandyryjynyň wekili gelýänçä saklamaly we olary ätiýaçlandyryş halaty hakynda güwänama düzülende gözden geçirmek üçin görkezmeli.

Şahsy ätiýaçlandyryşda

Şahsy ätiýaçlandyryşda ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýan haýal etmän, ýöne üç iş gününden gijä galman ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça arza bilen ýüzlenmeli

Arza bilen birlikde ätiýaçlandyryş şahadatnamasy, töleg alyjynyň şahsyýetini tassyklaýan resminama, betbagtçylykly halatyň bolandygyny tassyklaýan resminamalar berilmeli. Bular bilen birlikde betbagtçylykly halatyň netijesinde şikes almak bilen bagly:

  • Keselhanada ýatyp, özüni bejerdýän syrkawyň kesel taryhynyň ýazgysyndan göçürme, ambulatoriýada keselini bejerdýän syrkawyň bolsa saglygy goraýyş güwänamasynyň asyl nusgasy ýa-da kesel bejeriş edarasynyň möhüri bilen tassyklanan saglygy goraýyş kartasynyň nusgasy

  • Ygtyýarly edaralar tarapyndan betbagtçylykly halatyň bolandygyny tassyklaýan resminamalar (zerur bolanda) berilmeli