Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow: -ZÄHMET TERBIÝESI ŞAHSYÝETIŇ SAZLAŞYKLY ÖSMEGINIŇ MÖHÜM ŞERTIDIR

19.03.2021

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy

18-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda halkyň saglygyny goramakda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde uly üstünlikler gazanyldy. Bu köpugurly işler häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýär. Şol işler bolsa ekologiýa meselelerini, şol sanda bag ekmek çärelerini hem öz içine alýar. Onuň dowamynda ýurdumyzyň giň gerimli tokaý-seýilgäh zolaklarynyň üsti dürli görnüşli agaç nahallarynyň--ýaprakly, pürli, miweli agaçlaryň nahallarynyň ýüz müňlerçesi bilen ýetirilýär.

Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjege gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hojalyk düzümlerinde ýörite bölünip berlen ýerlerde dürli oba hojalyk ekinlerini, miweli bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmek, ozal bar bolanlaryna ýokary derejede ideg etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Wise-premýer Ç.Amanow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklary üçin bölünip berlen ýerleriň çyzgylary, olaryň tebigy aýratynlyklary barada giňişleýin maglumatlar berýän taslamalary görkezdi we bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalykçy alymlar we ylmy işgärler bilen bilelikde bu künjegiň toprak-howa hem-de tebigy aýratynlyklary ylmy esasda öwrenildi. Şoňa laýyklykda, bu ýerde ekiljek ekinleriň, bag nahallarynyň görnüşleri kesgitlenildi.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna almanyň, armydyň, aýwanyň, hurmanyň, garalynyň, erigiň, hozuň, pissäniň, zeýtunyň we beýleki miweli agaçlaryň, üzümleriň dürli görnüşleriniň nusgalary görkezildi. Mundan başga-da, damjalaýyn suwaryş ulgamynyň görnüşleri, suw ýygnamak üçin niýetlenen howdanyň çyzgylary bilen tanyşdyryldy.

Wise-premýer bu ýerde ekerançylygy ösdürmegiň täzeçil usullaryndan ugur alnyp, suwaryşyň damjalaýyn usulyny ulanmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Munuň üçin ähli zerur taýýarlyk işleri amala aşyryldy.

Taslamalar bilen bir hatarda, taýýar önümleriň birnäçe görnüşleri, şol sanda ir-iýmişler görkezildi. Şeýle hem miweli baglara ideg etmek üçin niýetlenen dürli enjamlaryň görnüşleri, olary ulanmagyň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa abadançylygy, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleriň döredilmegi nukdaýnazaryndan, ýurdumyzda amala aşyrylýan umumymilli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň ägirt uly ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ilatly ýerleriň golaýynda täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi, aýratyn-da, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklarynyň işiniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de döwrebap derejede ösdürmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler barada hasabatlaryny diňledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklarynyň işini ösdürmegi, onuň çäklerinde gaýtadan işleýän önümçilik kuwwatlyklaryny döretmegi, harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygynyň sport we zähmet bilen utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowa ýüzlenip, ylmy nukdaýnazardan seljerip hem-de ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak bilen, azyklyk ýagy öndürmekde möhüm orny eýeleýän günebakar, zeýtun, künji ýaly däneli ösümlikleriň köpçülikleýin ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek bilen bagly meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň topraga bolan yhlasyny, söýgüsini artdyrmak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, bu işleriň degişli derejede kämilleşdirilmelidigine hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Ýaş nesli terbiýelemekde möhüm orun eýeleýän agaç nahallaryny ekmek ýaly asylly iş bolsa jemgyýetiň ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagyna, diýmek, daşky gurşawyň aýawly saklanmagyna ýardam edýär.

Biziň ýurdumyz bagy-bossanlygyň, gür bagly seýilgähleriň hem-de gök tokaýlaryň mekanyna öwrülýär. Munuň özi, ahyrky netijede, adamyň ömrüniň dowamlylygynyň artmagyny üpjün edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde oturdylan ýaş nahallary synlady. Şu günler daýhanlaryň we bagbanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm başlanýar. Bahar paslynda ekinlere, bag nahallaryna ýokary hilli ideg edilmegi olaryň sazlaşykly ösüşini we geljekde bol hasylly bolmagyny üpjün edýär.

 Bu ýerde ekilen miweli baglaryň her bir görnüşiniň özüniň kesgitlenen ýeri bolup, olar belli hatarlaryň ugry boýunça ekilipdir. Bu ýerde almanyň, armydyň, şetdalynyň, garalynyň dürli görnüşleri bar. Şeýle hem bag ekilen meýdanda hoz, pisse, zeýtun we hurma ösdürilip ýetişdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde oba hojalygynda giňden ulanylýan suwaryş ulgamyna degişli enjamlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary hem-de bu enjamlaryň suw serişdelerini tygşytlamakdaky ähmiýeti bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz şu günler üzümlere we bag nahallaryna ideg edilýän möwsümiň gelendigini belläp, bu işleriň agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde hurma nahalynyň çybygyny çyrpyp, bag nahallaryna ideg etmegiň ýazky möwsümine badalga berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, açyk meýdanda miweçiligiň, üzümdarçylygyň ösdürilmeginiň, gök ekerançylyga möhüm ähmiýet berilmeginiň önüm bolçulygy bilen bir hatarda, ekologiýa taýdan sagdyn gurşawyň emele gelmeginde ähmiýetlidigini belledi.

Harby gullugyň hem-de sport we zähmet bilen işjeň meşgullanmagyň sazlaşykly utgaşdyrylmagy saglygyňy we ruhuňy berkidýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bedenterbiýäniň, sportuň zähmet bilen utgaşdyrylmagy ýaşlar üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki, olar şahsyýetiň sazlaşykly kemala gelmegine ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Öňümizdäki şenbe güni ýurdumyzda nobatdaky ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Däp bolşy ýaly, bu dabara ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryna wepalylygyň nyşany hökmünde Milli bahar baýramynyň öňýanynda guralýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary harby düzümleri kämilleşdirmäge ägirt uly üns berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň öz öňlerinde goýan wezipelerini gyşarnyksyz hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp jülgäniň täsin tebigatynyň gözelligini aýratyn belledi we dag derelerinden akýan çeşme suwlaryny rejeli ulanmaga hem-de bu künjegi bagy-bossanlyga öwürmäge degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz bu babatda anyk tabşyryklary berip, bu ýerden ugrady.