Soraglar-jogaplar

Esasy soraglar
Ätiýaçlandyryş sözlügi
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda kim Ätiýaçlandyrýan we kim Ätiýaçlandyryjy bolup durýar?

Ätiýaçlandyryjy – bu ätiýaçlandyryş guramasy, Siz bolsa Ätiýaçlandyrýan.

Ätiýaçlandyryş şertnamasyny bir ýyldan az möhlete baglaşyp bolýarmy?
Bolýar. Şertnama bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş baýragy ýyllyk ätiýaçlandyryş baýragyndan aşakdaky ýaly möçberlerde hasaplanylýar: 1 aý möhlete ätiýaçlandyrylanda – 20%, 2 aýa – 30%, 3 aýa – 40%, 4 aýa – 50%, 5 aýa – 60%, 6 aýa – 70%, 7 aýa – 75%, 8 aýa – 80%, 9 aýa – 85%, 10 aýa – 90%, 11 aýa – 95%.
Heläkçilik ýüze çykdy. Bu hakda Ätiýaçlandyryja kim habar bermeli?
Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň wekili bu hakda Ätiýaçlandyryja dessine ýazmaça habar bermelidir.
Emläk satylan halatynda ätiýaçlandyryş polisi hereketini bes edýärmi?
Ýok, bes edenok. Ätiýaçlandyrylan emläge bolan eýeçilik hukugy başga bir şahsa geçen ýagdaýynda ätiýaçlandyryş şertnamasy, ätiýaçlandyryş guramasy bilen ylalaşylandan soň, emläge eýeçilik hukygy geçen adama gaýtadan resmileşdirilip bilner.
Ätiýaçlandyryş tölegini möhletlere bölüp töläp bolýarmy?
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy 1 ýyl möhlete baglaşylýan bolsa, Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş baýragyny 2 möhletde: 50%-ini şertnama baglaşanda we 50%-ini şertnama güýje girenden soň 3 aýdan gijä galman töläp biler.
Ätiýaçlandyryş polisiniň hereket edýän döwründe ulagyň resminamalary ýitirilse, näme etmeli?
Ol barada ätiýaçlandyryş guramasyny dessine mälim etmeli, resminamalaryň dublikaty alnan ýagdaýynda bolsa, olaryň maglumatlaryny ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.
Emlägi doly däl bahasyna ätiýaçlandyryp bolarmy?
Bolar. Her bir ätiýaçlandyryş obýekti boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi taraplaryň ylalaşygy esasynda bellenilýär.
Näçe möhletiň içinde ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky arzany berip bolýar?
Üç günüň dowamynda.
Näçe möhletde töleg amala aşyrylýar?
Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli resminamalar alnandan soň ýedi günüň dowamynda tölenilýär.
Franşiza näme?
Franşiza – umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy Ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenilýär.
Hökmany franşiza şertli franşizadan nähili tapawutlanýar?
Daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň saglygynyň meýletin ätiýaçlandyryşynda Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy wagtyndan öň ýatyrylsa, Ätiýaçlandyryjy şertnamanyň geçmedik döwri üçin ätiýaçlandyryş gatanjyny (baýragyny) dolulygyny gaýtaryp berýär.
Eger syýahata gitmek goýbolsun edilse, polisi gaýtaryp bolýarmy?
Daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň saglygynyň meýletin ätiýaçlandyryşynda Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy wagtyndan öň ýatyrylsa, Ätiýaçlandyryjy şertnamanyň geçmedik döwri üçin ätiýaçlandyryş gatanjyny (baýragyny) dolulygyny gaýtaryp berýär.
Ýitirilen polisi nähili dikeltmeli?
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy – polis ýitirilen halatynda Ätiýaçlandyrýana onuň ýazmaça arzasy esasynda dublikat berilýär, ondan soň ýitirilen polis bolsa güýjüni ýitiren hasap edilýär.
Haýsy wagtdan ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan hasaplanylýar?
Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyryş gatanjy (baýragy) tölenen wagtyndan baglaşylan hasap edilýär.
“Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň kanunynda ulanylýan esasy düşünjeler

“Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň kanunynda ulanylýan esasy düşünjeler

  • bähbit görüji – Türkmenistanyň kanunçylygyna ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
  • bilelikde ätiýaçlandyryş – ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça birnäçe ätiýaçlandyryjylar tarapyndan bir wagtda ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleriniň (jogapkärçiliginiň) kabul edilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan iş we onuň bilen baglanyşykly gatnaşyklar, şunda olaryň jogapkärçiligi öz aralarynda baglaşylýan bilelikde ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda paýlanylýar;
  • ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs;
  • ätiýaçlandyryjy – ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we şu Kanun esasynda ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçi ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolupdurýar;
  • ätiýaçlandyryş wekili – berlen ygtyýarlyklara laýyklykda ätiýaçlandyryjynyň adyndan we onuň tabşyrygy bilen, ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmak boýunça araçylyk işini amala aşyrýan, Türkmenistanyň fiziki ýa-da ýuridik şahsy;
  • ätiýaçlandyryş dellaly – degişli ygtyýarnamanyň esasynda ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş meseleleribarada maslahat beriş hyzmatlary boýunça işi, şeýle hem öz adyndan we ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) tabşyrygy boýunça ätiýaçlandyryş we (ýa-da) gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmak boýunça araçylyk işini amala aşyrýan, Türkmenistanyň telekeçi ýuridik şahsy;
  • ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) – Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipdeätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenilýän pul möçberi;
  • ätiýaçlyk gorlary – ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) matematika statistikasynyň hasaplamalary esasynda baha berilýän hereket edýän ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamalary boýunça borçnamalary;
  • ätiýaçlandyryşyň görnüşi – ätiýaçlandyryjy tarapyndan işlenip taýýarlanylýan we ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak arkaly hökmany (döwlet) we meýletin (döwlet däl) ätiýaçlandyryşyň çäginde ätiýaçlandyrýana berilýän ätiýaçlandyryş önümi;
  • ätiýaçlandyryş halaty – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;
  • ätiýaçlandyryş kadalary – ätiýaçlandyryjy tarapyndan tassyklanylan we ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara bilen ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga tertipde ylalaşylan, ätiýaçlandyryşyň belli bir görnüşi boýunça ätiýaçlandyryşyň şertlerini kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk resminamasy;
  • ätiýaçlandyryş nyrhy – ätiýaçlandyryşgatanjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň birliginden ýa-da ätiýaçlandyryş obýektinden alynýan, ätiýaçlandyryjylarda ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň(ätiýaçlandyryşöwezini doluş tölegi) töleglerini geçirmek, ätiýaçlandyryşätiýaçlyk gaznalaryny, öňüni alyş çäreleriniň gaznasyny we başga gaznalary döretmek üçin¸ şeýle hem işiň alnyp barylmagy we ätiýaçlandyryjylaryňösdürilmegi boýunça çykdajylaryň ödelmegi üçin ýeterlik maliýe serişdeleriniň emele gelmegini üpjün edýän möçberlerde bellenilýän töleg haky;
  • ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – ätiýaçlandyryş şertnamasyna we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;
  • ätiýaçlandyryş pul möçberi – ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnypbellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;
  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasy – ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana we (ýa-da) ätiýaçlandyrylan şahsa berilýän, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan resminama;
  • ätiýaçlandyrylan şahs – emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrylýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
  • ätiýaçlandyryş şertnamasy – ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasynda baglaşylan şertnama, oňa laýyklykda belli bir wakalar (ätiýaçlandyryş halatlary) ýüze çykanda ätiýaçlandyryjylar tarapyndan ätiýaçlandyrylan pul möçberleriniň we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenilmeginiň ýa-da şertnamada görkezilen başga bir hereketiň ýerine ýetirilmeginiň maksady bilen, ätiýaçlandyryjylara töleýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasabyna fiziki we ýuridik şahslaryň emläk we beýleki bähbitleriniň goralmagynyň tertibi we şertleri bellenilýär;
  • ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi (jogapkärçiligi) – ýüze çykmagynyň ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolan, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän wakanyň ýüze çykma mümkinçiligi;
  • gaýtadan ätiýaçlandyryş – ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça kabul edilen ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleriniň (jogapkärçiliginiň) ählisiniň ýa-da olaryň bir böleginiň soňra gaýtadan ätiýaçlandyryjy bilen baglaşylýan gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda berilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan iş we onuň bilen baglanyşykly gatnaşyklar;
  • gaýtadan ätiýaçlandyrýan – özi tarapyndan kabul edilen ätiýaçlandyryş töwekgelçiliklerini (jogapkärçiligini) gaýtadan ätiýaçlandyryşa berýän ätiýaçlandyryjy ýa-da gaýtadan ätiýaçlandyryjy;
  • gaýtadan ätiýaçlandyryjy – degişli ygtyýarnamanyň esasynda gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmak we ýerine ýetirmek tertipnama işiniň esasy bolup durýan telekeçi ýuridik şahs (gaýtadan ätiýaçlandyryş guramasy);
  • hususy tutum– gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykdaätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde öz hasabyna jogapkärçilik çekýän bölegi;
  • ömrüň toplaýyş ätiýaçlandyrylyşy – ömri ätiýäçlandyrmagyň ätiýaçlandyrýan tarapyndan möhletli toplaýyş serişdeleri hökmünde yzygiderli tölenilýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyňätiýaçlandyryjyda toplanylmagy göz öňünde tutulýan görnüşi;
  • franşiza – umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenilýär. Şertli franşiza bellenilende ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Hökmany franşiza bellenilen mahalynda ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär;
  • prudensial ölçegler – tölege ukyplylygyň we maliýe durnuklylygynyň, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan bellenilýän we ätiýaçlandyryjylar (gaýtadan ätiýaçlandyryjylar) tarapyndan berjaý edilmegi hökmany bolan ölçegleri;
  • satyn alyş pul möçberi – toplaýyşätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi möhletinden öň bes edilende ätiýaçlandyrýanyň almaga hukugy bolan pul möçberi;
  • şahsy töwekgelçilik - (şahsy töwekgelçilik boýunça jogapkärçilik)–ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenilen ätiýaçlandyryş obýektleriniň her biri boýunça çak edilýän wakanyň (töwekgelçiligiň görnüşi) bolup biljek ýüze çykmasy.