+993 (12) 48-48-60
Call us
Ask a Question

Title

Suw ulag  serişdeleriniň utgaşdyrylan ätiýaçlandyrylşy emläk taýdan ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, suw ulag serişdelerine eýeçilik etmek, ondan peýdalanmak we oňa ygtyýarlyk etmek bilen baglanyşykly emläk bähbitleri onuň obýekti bolup çykyş edýär.

 Ätiýaçlandyryş obýektleri:

         - emläk bähbitleri, şol sanda maşynlar, enjamlar, takelaž, gäminiň içerki timarlanmasy, korpusy, hereketlendirijileri, enjamlary we esbaplary, ýöne ýangyç-çalgy ýaglary we beýleki harçlanyş materiallary muňa girmeýär.

Gämi eýeleri, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň polisini satyn alyň we öz gämiňizi dürli ýakymsyz ýagdaýlardan goraň. Şeýlelikde, olary dikeltmek üçin harajatlary kemeldiň.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

  • ýok bolmak we zeper ýetmek üçin jogapkärçiligini;
  • zeper ýetmegi üçin jogapkärçiligini;
  • diňe gäminiň doly ýok bolmagy üçin jogapkärçiligini, halas etmegiň çykdajylaryny içine almak bilen;
  • diňe gäminiň doly ýok bolmagy üçin jogapkärçiligini;
  • zeper ýetmegi üçin jogapkärçilik bolmazdan, diňe çakyşmak halatlary muňa girýär;
  • hususy heläkçilik üçin jogapkärçiliksizligini.

Size ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis) satyn almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli;
  • suw ulag gämisini gözden geçirmek üçin görkezmeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

  • haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (derňew, kazyýet, polisiýa ýa-da başga edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakda arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadadatnamasyny (polis);
  • ätiýaçlandyryş halaty boýunça delilnamany;
  • ulag talapnamasyny (delilnama, hasap, konosament, baş ykrarnamasyny, derňewiň ykrarnamasyny);
  • suw gämisiniň žurnalynyň ýazgylaryny;
  • zeper ýeten bolan suw gämisiniň suratlaryny.

For detailed information address us: