+993 (12) 48-48-60
Call us
Ask a Question

Title

Buraw işlerini ätiýaçlandyryş emläk taýdan ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, buraw işlerini geçirmek bilen baglanyşykly emläk bähbitleri onuň obýekti bolup çykyş edýär.

Ätiýaçlandyryş obýektleri:

        - nebit, gaz, suw we beýleki guýular, üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetirilen zelel üçin raýat-hukuk jogapkärçiligi we başgalar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň polisini satyn almak bilen, siz nebiti we gazy çykarmak bilen baglanyşykly töwekgelçilikleriň üstüni dolarsyňyz.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

  • raýat-hukuk jogapkärçiliginden (şahsy, emläk zeleli boýunça);
  • enjamlar (ähli töwekgelçiliklerden);
  • guýa gözegçiligiň ýitirilmeginden;
  • ekologiýa jogapkärçiliginden.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis) satyn almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli;
  • ätiýaçlandyrylýan emlägi gözden geçirtmek üçin görkezmeli;
  • emläkleriň, burawlaýan guýylaryň, buraw işleriniň grafiginiň bahalary barada sanawyny.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli? 

  • haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (derňew, kazyýet, içeri işleri ýa-da başga degişli edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçinätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli: 

  • ätiýaçlandyryş halaty hakynda arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis);
  • işleri dikeltmek boýunça şertnamany, önümçilik işleriň töleglerini tassyklaýan töleg resminamalaryny;
  • garaşsyz ekspertiň netijenamasyny (ýitgiler barada hasabat);
  • zeper ýeten emlägiň suratlaryny.

For detailed information address us: