+993 (12) 48-48-60
Call us
Ask a Question

Title

Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş şahsy ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, önümçilikde ömre we saglyga ýetirilen zelel ýa-da hünär taýdan keselleme onuň obýekti bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň polisini satyn almak bilen, ýolbaşçy öz işgärleriniň ömrüni we saglygyny gorap biler.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

  • önümçilikde betbagtçylykly hadysalar ýa-da hünär keselleri netijesinde Ätiýaçlandyrylan işgäriň ömrüne we saglygyna zyýan ýetirilmeginden.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis) satyn almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli;
  • ätiýaçlandyryşa degişli işgärleriň sanawyny düzmeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

  • haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (lukmançylyk, derňew, kazyýet, işeri işler ýa-da başga edaralara habar bermeli) habar bermeli;

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakda arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis);
  • betbagtçylykly hadysa barada düzülen ykrarnamasyny;
  • (şikes ýeten ýagdaýynda) bejeriş edarasyndan delilhatyny;
  • (Ätiýaçlandyrylan şahsyň aradan çykan halatynda) aradan çykandygy hakynda şahadatnamasynyň kepillendiriş tertibinde güwä geçilen nusgasyny;
  • mirasa bolan hukuk hakyndaky şahadatnamasyny.

For detailed information address us: